TEHNOLOGIÝA

Nintendo oýun konsulynyň täze modelini tanyşdyrdy: Nintendo Switch OLED

Nintendo ulanyjylara täze öndüren oýun konsulyny tanyşdyrdy. Täze konsul öňkülere garanyňda biraz uly we has ýagty OLED ekrana eýe. Şeýle hem täze oýun konsuly kämilleşdirilen ses, has uly ýat we simli LAN baglanyşygy bilen ünsi çekýär.

Switch OLED häzirki wagtda Switch ulanýan ulanyjylar üçin ýörite taýýarlandy. Täze oýun konsulynyň 7.2″ FullHD+OLED ekrany bolup, ol ethernet girişi we kämilleşdirilen ses sistemasy bilen üpjün edilen. Şereketiň aýtmagyna görä, oýun konsulynyň batareýasynyň “ömri” 9 sagada ýetýär. Täze konsul 8-nji oktýabrda dünýä bazarlaryna çykar we onuň nyrhy 350 dollar bolar.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Nobatdaky bäsleşikli söwda

 

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi