TEHNOLOGIÝA

“Facebook”-yň akylly äýnegi

“Facebook” jemgyýetçilik tory kompaniýasy “Luxottica” äýnek öndürýän şereketi bilen bilelikde işläp düzen akylly äýneklerini resmi taýdan hödürledi.

Ulanyjylara ses buýruklary ýa-da äýnegiň ýokarky sag tarapyndaky düwmä arkaly surata we wideo düşürmäge mümkinçilik berýän äýneklerde aýdym diňlemek üçin  hem mümkinçilik döredildi.

Mikrofony arkaly telefonda gürleşmäge mümkinçilik berýän akylly äýnek ilkinji gezek ABŞ-da, Angliýada, Italiýada, Awstraliýada, Irlandiýada we Kanadada 299 dollar (takmynan 2 müň 500 TL) satyldy.

Bu äýnek “Bluetooth” arkaly smartfonlar bilen hem birikdirip bolýar. Bu äýnek arkaly “Heý “Facebook”, surata düşür” ýa-da “Heý “Facebook” wideo al” diýmek zerur bolup durýar.

Suratlar we wideolar “Facebook” tarapyndan äýnek üçin işlenip düzülen “View” atly programmada peýda bolsa-da, derrew jemgyýetçilik tordaky hasaplarda paýlaşylyp, surat arhiwine göçürilip bilner.

 

Ýüzümizi arassalamak üçin ýapgy taýýarlamak

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi