TEHNOLOGIÝA

16 ýyllyk “iPhone” telefony satyldy

Amerikanyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple”-iň ilkinji smartfony onlaýn auksionda 63 müň dollara satyldy. “LCG” auksion saýty tarapyndan satuwa çykarylan “iPhone” telefony hakyky bahasyndan 100 esse gymmat bahadan satyldy.

Bir aý mundan ozal, bu telefon üçin auksionda 2 müň 500 dollar teklip edildi. 16 ýyllyk telefony satyn almak üçin geçirilen auksiona 27 adam gatnaşdy.

“LCG” auksion saýtynyň esaslandyryjysy Mark Montero 10 alyjynyň auksionyň ahyryna çenli bu teleofny satyn almak üçin teklip berendigini mälim etdi. Netijede, alyjylaryň biriniň 63 müň dollarlyk teklibi gutarnykly teklip hasap edildi we oňa bu telefon gowşurylar.

Ilkibaşda 599 dollar bahasy bolan bu “iPhone” telefonlary 2007-nji ýylda satuwa çykarylypdy. Ol 3,5 dýuým (8,89 sm) ekran, 2 megapiksel kamera, 4 ýa-da 8 GB ýat we beýleki aýratynlyklary bilen alyjylara hödürlenipdi.

Şu auksionda başga bir “iPhone” telefony geçen ýyl 39 müň dollara satylypdy.

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy