MEDENIÝET

Buker baýragynyň ýeňijisi yglan edildi

Irlandiýaly ýazyjy Pol Linç 2023-nji ýyl boýunça abraýly edebiýat baýragy hasaplanýan Buker baýragynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ol bu baýraga “Prophet Song” atly romany üçin mynaysp boldy.

46 ýaşyndaky ýazyjy Dublin şäherinde ýaşaýar we bu eseri üçin 50 müň funt-sterling, ýa-da 57.5 müň ýewro gazandy.

Pol Linç 2023-nji ýyla çenli “The Sunday Tribune” gazetinde kino tankytçysy wezipesinde işldi. Ol romanlaryny 2013-nji ýyldan ýazyp başlady. Ilkinji romany “Irden gyzyl asman” ady bilen çap edildi we ABŞ-nyň we Fransiýanyň belli tankytçylarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol “Gara gar”, “Greýs” we “Deňziň arkasynda” ýaly romanlary bilen meşhurlyk gazandy.

1969-njy ýylda esaslandyrylan Buker baýragyndan başga-da 2004-nji ýylda döredilen Halkara Buker baýragy 2016-njy ýyla çenli 2 ýylda bir gezek gowşuryldy. Şondan soňra her ýyl gowşurylyp gelinýär.

Bu baýragyň eýesi islendik ýazyjy bolup biler. Ýöne onuň eseri iňlis diline terjime edilip, Birleşen Patyşalykda we Irlandiýada çap edilen bolmalydyr. Baýragyň pul sylagy 50 müň funt-sterling bolup durýar.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär