BIZNES

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

Ilon Mask baýlygy 400 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Milliarderleriň görkezijisine görä, täze rekord Maskyň hususy kompaniýasy “SpaceX” -iň paýnamalarynyň satylmagy arkaly gazanyldy we baýlygy 50 milliard dollar artyp, 439,2 milliard dollara ýetdi.

Donald Trampyň noýabr aýynda prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi Ilon Maksyň “Tesla” kompaniýasynyň aksiýalarynyň 65 göterim artmagyna itergi berdi.

Mundan başga-da, Maskyň emeli intellekt başlangyjy “xAI”-nyň bahasy saýlawdan bäri iki esse artyp, 50 milliard dollara ýetdi.

Şeýle hem işewür Donald Trampyň täze hökümetinde möhüm orun eýeläp, ol ABŞ-nyň hökümetiniň netijeliligini artdyrmak boýunça täze döredilen ministrligiň ýolbaşçylarynyň biri bolar.

Related posts

«Türkmenistanyň nebiti we gazy-OGT 2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi

Ata Watan Eserleri

“Kamaz” Türkmenistanda önümçilgini ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy : Wideokonferensiýa Mejlisi

Dr.Döwran Orazgylyjov