BIZNES

“Omikron” dünýäniň ykdysady ösüşine täsirini ýetirdi

Koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşiniň ýaýramagy, energiýa göterijileriň bahalarynyň ýokarlanmagy, Hytaýyň gozgalmaýan emläk pudagynda dowam edýän pese gaçyş we hususy sarp edişiň garaşylýandan has haýal dikeldilmegi global ykdysady ösüşe özüniň ýaramaz täsirlerini ýetirýär. Bu barada Halkara pul gaznasynyň ýanwar aýyndaky hasabatynda bellenilip geçilýär.

Halkara pul gaznasynyň maglumatyna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi pese gaçýar. Täze çaklamalara görä, üstümizdäki ýylda dünýäniň jemi içerki önümiň ösüş depgini 4,4 göterim depgininde bolar. Geçen ýylyň oktýabr aýyndaky çaklamalarda ösüş depgini 4,9 göterime barabar boljakdygy bellenildi. Ýewropa sebitinde jemi içerki önümiň ösüşi 3,9 göterim bolar.

– Pandemiýanyň 3-nji ýylynda bu ýokanç zerarly aradan çykanlaryň sany 5,5 milliona golaýlady. Degişli ykdysady ýitgi bolsa, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 13,8 trillion dollara golaýlar – diýip, Halkara Pul Gaznasynyň direktorynyň birinji orunbasary Gita Gopinat habar berdi.

 

“Gazprom” Germaniýada kompaniýa döretdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar