BIZNES

Jorap önümlerine daşary ýurtlarda isleg artýar

Türkmenistanda importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ähli ýerlerde importuň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar. Telekeçileriň we haryt öndürijileriň mümkinçilikleri giňeýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu oňyn işleriň netijesinde ýurdumyzdan çykarylýan eksport harytlarynyň möçberi hem artdyrylýarýar. Türkmenistanda öndürilen harytlara daşary ýurtlarda islegler ýokarlanýar. Telekeçi S.Annakowyň kärhanasynyň «Akar» haryt nyşany astynda öndürýän jorap önümleri hem uly islegden peýdalanýar. Ýewropa hiline laýyk gelýän bu jorap önümleriniň eksport edilýän möçberi bu barada şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 560 961 müň jübit jorap önümi eksport gümrük düzgüninde resmileşdirildi. Haryt tapgyrlary esasan Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna eksport edildi. Bu görkezijiler örän guwandyryjydyr we olar täze maksatlary goýmaga ruhlandyrýar.

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler