BIZNES

Elektron söwda ulgamy boýunça maslahat

Aziýa Ösüş Banky we onuň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasy bilen ýurdumyzyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen «Sanly täjirçilik we söwda» atly okuw maslahatyna Döwlet gümrük gullugyndan wekiller gatnaşdy.  Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Okuw maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda içerki we serhetüsti elektron täjirçiligiň, şonuň ýaly-da sanly ulgam arkaly söwdanyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri özara ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda maslahaty alyp baran halkara bilermenleri elektron täjirçiligiň meselelerini düzgünleşdirýän halkara kanunçylyk hukuk namalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, maslahatda sanly ulgam arkaly halkara söwdanyň gümrük işinde döräp biljek kynçylyklar, IT-tehnologiýalary, sanly ulgamyň platformalary dogrusynda çykyşlar boldy.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrmak işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşyna aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eýýäm «ASYCUDA World» atly gümrük maglumatlaryny dolandyrmagyň kompýuterleşdirilen ulgamy üstünlikli ulanylýar. Häzirki wagtda «Bir penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmagyň meselesi bolsa, Gümrük gullugynyň öňünde duran ileri tutma meseleleriň biri bolup durýar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy