SPORT

Asyryň boks tutluşygy: Fýuri-Usik duşuşýar

Beýik Britaniýanyň meşhur boksçysy Taýson Fýuri bilen ukrain boksçy Aleksandr Usigiň arasynda boks tutluşygyny geçirmek babatda ylalaşyk baglaşyldy. Bu asyryň boks tutluşygy dünýäniň boks boýunça absolýut çempionyny kesgitlär.

Boks tutluşygy Saud Arabystanyda geçiriler. Bu barada ýurduň dynç alyş boýunça baş müdirliginiň ýolbaşçysy Türki Al aş-Şeýh belläp geçdi.

– Bu tutluşygy hemmeler köpden bäri garaşyp ýördi. Dünýäniň iki çempiony ahyrsoňy duşuşarlar. Boks taryhynyň iň uly tutluşygynyň biri bolar. Biz şeýle çäräniň guramaçylygyna gatnaşýandygymyza buýsanýarys – diýip, Al aş-Şeýh belledi.

Bu boks duşuşygynyň 2023-nji ýylyň dekabrynda ýa-da indiki ýylyň ýanwarynda geçirilmegi mümkin. Duşuşygyň anyk senesi soňra yglan ediler.

Related posts

Tuhel tälimçilikden boşadyldy

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” we “Leipsig” indiki tapgyra çykdy