BIZNES

German kompaniýalary bilen Garlyk magdan toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi.

«Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky «Tejenkarbamid» zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris. Meselem, «ThyssenKrupp» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksadalaýyk hasaplaýarys » – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, şol bir wagtyň özünde german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etmegi möhüm hasaplaýarys.

«Mälim bolşy ýaly, bu ugurda biz eýýäm «Erсosplan», «Ka-Utek», «Sсhaсhtbau» nemes kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýäris» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Related posts

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler

Döwlet eýeçiligine degişli 48 desga hususylaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: Maltanyň telekeçileri polietilen satyn aldy