BIZNES

Birža täzelikleri:owgan telekeçiler dizel ýangyjy aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ЕСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Bulardan başga-da daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 49 million 582 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, bahasy 103 million 620 müň manatdan gowrak bolan nebit koksuny satyn aldylar.

Related posts

Rumyniýa Türkmenistanyň himiýa pudagyndaky maýa goýumlar bilen gyzyklanýar

Ata Watan Eserleri

Awazada işewürlik duşuşygy geçirildi

“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy

Leave a Comment