BIZNES

Türkmenistanda ýene «Coca-Cola» öndürilýär

Türkmenistanda «Coca-Colanyň» we bu kompaniýanyň beýleki meşhur içgileriniň önümçiligi dikeldildi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi şahamçasy bolan «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk jemgyýeti «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite» ýaly gazlandyrylan içgileri gaýtadan öndürilip başlady.

Ýurdumyzda 1998-nji ýyldan bäri işläp gelýän zawodyň işine wagtlaýyn arakesme berlipdi. Häzir işini dikelden zawod datly içgileri 1 litrlik plastik gaplarda öndürýär. Içgileriň bahasy hem elýeterli. «Coca-Cola Classic» 10, galan içgiler bolsa 8 manatda paýlaýjy nokatlara ugradyldy.

«Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» meşhur kompaniýanyň Ýer ýüzündäki 11 müň önümçilik nokadynyň birisidir.

Related posts

Täze himiýa önümçilik toplumlary gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ýola goýuldy

Puluň taryhyna gysgaça syn

vepa