BIZNES

Aşgabat – Gökdepe awtomobil ýolunyň täzelemegi we täze awtomobil köprülerini gurulmagy meýilleşdirilýär

20-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berildi, onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat–Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Related posts

Afganistan Türkmenistan’ın yardımıyla yurtdışı ihracatına başladı

vepa

Türkmenistanda koza üretimi: Ahal vilayeti planı doldu

vepa

“Türkmengaz”: himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn alar