BIZNES

«Ýeňşiň» köýneklerini onlaýn satyn alyň!

Türkmenistanda Internet arkaly satyn alyp bolýan harytlaryň hataryna Marynyň «Ýeňiş» tikin fabiriginde taýýarlanylýan köýnekler hem goşuldy. Bahalary 61 manatdan 120 manada çenli üýtgeýän dürli ölçegdäki köýnekleri www.yenish.com.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtdan satyn alyp bolýar.

Internet arkaly arzan bahaly we ýokary hilli ýerli köýnekleri satyn almak örän aňsat. Munuň üçin alan harytlaryňy saýtdaky sebede ýükläýmeli we sargyt etmeli. Eger siz Aşgabatda ýaşaýan bolsaňyz, sargydyňyz şol günüň özünde gowşurylar. Welaýatlarda ýaşaýan bolsaňyz, aňyrsy üç günden sagytlaryňyz öýňüze çenli getirilip berler.

«Ýeňiş» tikin fabrigi eltip bermek hyzmatyny «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu hyzmat arkaly eltip bermegiň aňrybaş bahasy 20 manatdan geçmez. Eger 1000 manatlyk ýa-da ondan hem köp mukdarda haryt satyn alsaňyz, sargytlaryňyz MUGT eltilip berler.

Täze köýnek edinmek üçin bazara gitmäň! Goý, size «Ýeňiş» getirip bersin!    

 

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar