JEMGYÝET

Aşgabatda ABŞ-nyň Ilçiniň gaznasy maksatnamasy boýunça sergi guraldy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Daşary işler ministrliginiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu dostlukly ýurduň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde medeni miras boýunça jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy. Sergide şol taslamalaryň suratlary görkezilýär. Olaryň arasynda Seýit Jemaletdin metjidiniň syrça bezegleriniň, gadymy Nusaýdaky diwar suratlarynyň, Abu Sahyt Abul Haýyryň gubrunyň, Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmeziniň, şeýle hem türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysynyň, golýazmalaryň suratlary bar.

Bu sergi medeni ulgamdaky şeýle netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň milli mirasy ösdürmekdäki hem-de geljek nesle ýetirmekdäki ähmiýetini ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

 

Döwrebap atçylyk toplumynyň düýbi tutuldy

 

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri