BILIM

Amerikada mugt magistr okasyň gelýärmi?: Fulbrught Foreign study programme

Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2027-2028-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2027-njy ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2026-njy ýylyň 31-nji mаýyna çenli kabul edilýär.

Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2027 

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):

  1. Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we  ýany bilen berilýän transkripsiýa
  2. СV ýa-da rezýume.
  3. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  4. Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly).
  5. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek.
  6. TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).

Dykgat ediň:

  • Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
  • Ähli beyannamalar asyl görnüşde bolmalydyr we   emeli aň ( EA)  tarapyndan döredilen ýa-da plagiat edilen beýannamalar bäsleşikden mahrum ediler.
  • ABŞ-nyň raýatlary we hemişelik ýaşaýjylary (grin kart eýeleri) bu maksatnama gatnaşmaga hukugy yokdur
  • ABŞ-nyp Ilçihanasynyň işgärleriniň garyndaşlary bu maksatnama gatnaşmaga hukugy ýokur
  • Dalaşgärler, resminamalaryny tabşyrýan wagtynda, Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.

 Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:

  1. 1-nji iýuna çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
  2. Iýun aýynda: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar.  Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýarlar;
  3. Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
  4. Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa etmäge çagyrar. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
  5. Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

Goşmaça maglumat:

TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňtaýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bar.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Resminamalar 2026-njy ýylyň 31-nji mаýyna çenli görkezilen link arkaly  https://apply.iie.org/ffsp2027   kabul edilýär.

Ýene-de okaň

Makul Sözlük: Diller arasynda ygtybarly köpri

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

«Diller Dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» atly gurnagy geçirildi