SPORT

“Altyn pökgi” baýragy Winisiusa berler

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi Winisius Junioryň 2024-nji ýylda “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp boljakdygy bellenilýär. Bu barada Ispaniýanyň “Marca” gazetiniň habarçylary habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, brazil futbolçynyň ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän baýragy aljakdygy aýdylýar. Mundan ozalky sanawda, Winisius bilen bu baýraga dalaş edýän futbolçylaryň hatarynda Rodri Ernandes hem-de Jud Bellingem görkezilýärdi.

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi Winisius Junior geçen möwsümde 3 kubogy gazandy, ispan topary bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny, Ispaniýanyň çempiony hem-de Ispaniýanyň kubogyny gazandy. Bu futbolçynyň transfer bahasy 180 million ýewro deňdir.

“Altyn pökgi” baýragy “France Football” žurnalynyň ozalky baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan döredildi. Ol ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy. Baýragyň ýeňijisi sport žurnalistleri tarapyndan kesgitlendi.

Bu baýraga iň köp argentin ýyldyzy Lionel Messi mynasyp boldy. Messi 8 gezek bu arzyly kubogy alan bolsa, onuň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bolsa 5 gezek bu baýragyň eýesi boldy.

Üstümizdäki ýylda bu iki futbolçy “Altyn pökgi” baýragyna dalaşgär görkezilmedi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar