JEMGYÝET

Aýda näçe adamyň hususy ýeri bar?

Hawa, ýalňyş okamadyňyz, eýýäm, Aýdan hususy ýer böleklerini alyp goýan damlaram bar. Özlerem az däl. Dünýä metbugatynyň habar bermegine görä, 40 million adam özleri üçin eýýäm Aýdan ýer alyp goýupdyrlar. Şolaryň 20 müňüsi russiýalylardyr.

Bu iş bilen NDW-Supermarket kompaniýasy meşgullanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, alyjylara teklip edilýän iň kiçi ýer bölegi 1akr, ýagny 0,40 ga ýerdir. Şunça ýer üçin Russiýanyň 3 müň rubly soralýar. Başgaça aýtsak, Aýdan 1 inedördül metr ýer satyn almagyň bahasy 0,75 rubla düşýär. Kompaniýa ähli resminamalary hukuk taýdan dogrulamak işlerini öz üstüne alýar.

Ýer bölekleri Aýyň görünýän tarapyndan satylýar. Ýeriň eýelerine ýörite güwänama berilýär.

Related posts

Atavatan Türkmenistan Dergisi, Türkmenistan Basınında

vepa

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar