JEMGYÝET

Pekinde «Bir guşak, bir ýol» forumy açyldy

Şu gün — 18-nji oktýabrda Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçirilýän bu forum ýurtda ýylyň dowamynda guralýan iň möhüm diplomatik çäredir. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

 Giň gerimli bu forumy geçirmek üçin Hytaýyň Halk ýygnaklar öýi saýlanyp alyndy. dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekiller «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandylar. Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, forum öz işine başlady.

Şu gezekki wekilçilikli çäre «Bir guşak, bir ýoluň» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyk: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» mowzugy astynda guralýar. Bu başlangyjyň çägindäki ýokary derejeli forumyň çagyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde geçirilipdi.

Maksatnama laýyklykda, nobatdaky ýokary derejeli çäräniň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin maksatnamalaýyn çykyş etdi. Soňra dürli sebitlere wekilçilik edýän käbir wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlaryna orun berildi. «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň esaslandyrylmagynyň 10 ýyllygynyň çäklerinde guralýan bu abraýly foruma Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Ýeri gelende bellesek, HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu taslama iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar