DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar, milli Liderimiziň bu sapary azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistany we Azerbaýjany öňden gelýän dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Bu gatnaşyklar iki doganlyk halklaryň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni ýakynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzir döwletara hyzmatdaşlygy täze anyk mazmuna eýe bolýar, munuň üçin amatly şertler we mümkinçilikler bar.

Abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklara netijeli häsiýet mahsusdyr, şunda taraplaryň ikisi hem dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň ýakynlygyny görkezýärler.

Bu, aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlary, şol sanda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek, Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerini durnukly ösdürmek babatda başlangyçlary bilen baglylykda ähmiýetlidir.

Dürli derejedäki wekiliýetleriň yzygiderli saparlary, ilkinji nobatda, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň şahsy gatnaşyklary, şol sanda halkara häsiýetli iri çäreleriň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de hazarýaka ýurtlarynyň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerindäki gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Baku şäherinde geçiriljek şu gezekki duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly üns berler. Türkmenistan we Azerbaýjan köp mukdarda tebigy serişdeler kuwwatyna, şol sanda uglewodorodlaryň ägirt uly gorlaryna eýedir, bu bolsa, strategiki taýdan möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle hem iki goňşy döwletleriň çäk taýdan ýerleşişi Ýewropany we Aziýany birleşdirýän, ýük daşamakda halkara logistika düzümine goşulyşmagy üçin amatly gury we deňiz ýollaryny üpjün edýän döwrebap yklymlara aragatnaşyk geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna hem-de işewürlik düzümlerine ähmiýetli orun degişlidir.

Iki doganlyk halklaryň baý medeni we ruhy mirasy, mizemez dostluk gatnaşyklary bu gün Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň ikisi hem däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklara uly ähmiýet berýärler.

2018-nji ýylyň awgustynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany nazara almak arkaly, hazarýaka döwletleriň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek bilen bagly möhüm mesele taraplaryň ikisi üçin hem derwaýys bolup durýar.

Mahlasy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul ediljek resminamalar taraplaryň tagallalary netijesinde, uly depgine we netijelilige eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ýolunda nobatdaky wajyp ädim bolar.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär