Meniň geçen hepde www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda goýan “Amerika Size garaşýar. Täze başlaýanlar üçin” atly syýahat hakyndaky ýazgylarym garaşanymdan hem has uly gyzyklanma eýe boldy. Emma, biziň öz syýahat meýilnamamyza gysga wagtyň içine köp zat sygdyranlygymyz üçin, şol syýahat belliklerimiň dowamyny bu gün ýazmaklyk nesip etdi.
Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri” ady bilen bütin dünýäde tanalýar. Men bu täsin hem owadan ýere ilkinji gezek öz dostum Merdan bilen (onuň maglumatlaryny özünden rugsat almandygym sebäpli bu ýerde ýazamok) gelmek nesip edipdi. Bu gezek hem biz Los Angelese ýerli wagt bilen sagat 16:00 töwereginde geldik. Bellemeli zat, bu ýer bilen Aşgabat wagtynyň arasynda 12 sagat tapawut bar.
Ýokarda belleýşim ýaly, syýahat meýilnamamyzda köp ýeri görmeklik bar. Şonuň üçin wagtymyz çäkli. “Downtown” diýilýän şäheriň merkezine bolsa, göni şol gün syýahat etmekligi makul bildik. Öz ýaşaýan myhmanhanamyzdan pyýada ýöreýiş bilen 5 minutlyk uzaklykda ýerleşýän “Walt Disney Concert Hall” ilkinji duralgamyz boldy. Ajaýyp, özboluşly binagärlik keşbi bilen özüne çekýän bu merkezde şol gün agşam konsert bolýan eken. Poslamaýan polatdan ýasalan ol merkez 2265 tomaşaça niýetlenipdir. Onuň on dördi gijäniň aýy mysaly, garaňky gijäni hamala gündize öwürýän ýaly, aýratyn yşyk saçýan öwüşgünleri bar. Ine, şol ýerde bolsa, dünýä belli kompaniýalaryň biri-birinden beýik binalarynyň ýerleşýän “Maliýe merkezi” diýilýän etraby başlaýar. Bizi 13 sagatlyk durmazdan amala aşyran uçuşymyz birneme ýadadypdyr. Şol gün “Maliýe merkezine” aýlandyk we şonuň bilen gije gysga syýahatymyz jemledik.
Ertesi gün syýahatymyz “Beverly Hills” diýilýän ýerden başlady. Dünýäniň iň esasy we iň gymmat bahadan satylýan geýimleriniň, şaý-sepleriniň, atyrlarynyň, soňky tehnologiýalaryň we dünýä belli brent-markaly harytlary we hyzmatlary dükanlarynyň ýerleşýän Rodeo-drive köçesi şu ýerde ýerleşýär. Bizi haýran galdyran zat, ol ýerdäki dükanlaryň satyjylary myhmanlary görenlerinden kimiň “öz müşderisi” bolup biljekdigini aňýan bolara çemeli !!! Dükanlaryň öňünden geçip barýan wagtymyz bize öz satýan önümlerini, harytlaryny tanatmak üçin çagyran satyjy bolmady. Eýsem, käbir myhmanlary bolsa, çagyryp, hödür-kerem edip, öz harytlary bilen tanyşdyrýardylar. Men-ä, biziň ilki bilen ol ýere baryp, surata düşmegimiz bilen, biziň syýahatçydygymyzy aňyp, “Rodeo-drive müşderisi” däldigimizi bildiler öýtýän diýip çak etdim. Meniň pikirimçe, şol köçä iki dürli myhmanlar barýar, surata düşmäge barýarlar (ýönekeý syýahatçylar, mysal üçin biz), ikinjisi şol gymmat bahaly zatlardan gerekli zatlaryn alýanlar.
Hollywood ýyldyzlaryny we dünýä belli sungat ussatlaryny ol köçede görüp bolýar. Dogrusy, biz-ä görmedik, gören hem bolsak, tanamadyk bolup bileris. Belki-de hödür-kerem edilenler olardyr. Ol ýere baryp, “Beverly Hills” ýadygärliginiň öňünde surata düşmeseň bolmaz.
Indiki ugrumyz Hollywood!
Bu ýerde “walk of fame’ diýlip atlandyrylýan dünýä meşhur ýyldyzlarynyň atlarynyň ýazylan köçesi ýerleşýär. Hollywood ýyldyzlarynyň el we aýak yzlarynyň ýerleşýän köçesini hem şol ýerde görmek bolýar. Walk of fame köçesinde “Makul Hyzmat Terjime” diýip ýörite ýyldyz ýazdyrmak hem nesip etdi. Belki-de, dünýäde şol ýere ady ýazylan ilkinji hususy kärhana “Makul Hyzmat Terjime” merkezi bolup biler. Sebäbi, ol ýere gelip, döredilen mümkinçilikden peýdalanyp öz atlaryny ýazdyrýarlar. Emma, ol ýazgy ol ýerde hemişelik galmaýar, ol diňe surata düşmeklik üçin bir mümkinçilikdir.
Ol ýerde Oscar baýraklarynyň gowşurylýan merkezi hem ýerleşýär. “Gyzyl Halydan” hem şol köçede ýörelýär. “Hollywood” ýazgysy ýazylan depä görkezip, uzakdan bolsa hem surata düşmek mümkinçiligi has hem ýakymly.
Perişdeleriň şäheri diýlip, terjime edilýän Los Angelesde baryp görülmegi hökman ýerleriň biri hem Hollywood kinolarynyň surata düşürilýän studiýasydyr. “Universal Studies” merkezini görmek üçin azyndan bir günüň gerek bolýandygyny aýdansoňlar, biz bu gezek hem ol ýere aýlanmaklyga wagt aýryp bilmedik. Emma, ol studiýa gidip görenler oňa hökman baryp görmekligi maslahat berýärler.
Indiki ugrumyz Santa Monico dynç alyş merkezi!
Bu merkez Ýuwaş Okeanyň kenarynda ýerleşýän, plýaŽlaryň we garbanyşhanalaryň ýerleşýän, Los Angelesiň hökman göräýmeli ýerleriniň biri. Ýuwaş Okeanynda ýüzüp görmeklik nesip etmese-de, suwuň pesräk ýerlerinde aýagymyz suwda gysga ýöreýiş etdik. Los Angelese syýahatymyzy Santa Monicoda ýerleşýän dükanlara aýlanyp görmek bilen jemledik. Ol “üçünji köçe” ýa-da “the Third Street Promenade` diýlip atlandyrylýar. New Ýork şäherindäki “bäşinji köçäni” ýadyňyza salyň! Ine şol köçe ýaly brent köçe!
Los Angelesde hökman baryp görmeli başga-da owadan hem täsin ýerler köp. Şonuň üçin eger-de geljekde bu şähere syýahat etmek islegiňiz bar bolsa, onda ortaça 3 günlik wagt aýyrmagyňyzy maslahat berýäris.
Indiki ugrumyz Ýosemite Jülgesi!..
Bellik : Bu ýazgynyň peýdaly bolmagy öňki ýazgylarymyz bilen bilellikde okamagynyzy maslahat berýärin!
Ilkinji ýazgymyz
“Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin”
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MzQ2MQ==
https://www.instagram.com/makulhyzmat