JEMGYÝET

Hindistan robot-zenany kosmosa iberer

Dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginlerde ösýän ýurdy Hindistan älem giňişligine açylýar. Ýurduň kosmos giňişligini öwrenmek baradaky maksatnamalary barha giň gerim alýar. Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy uçarmansyz kosmos gämisi bilen älem giňişligine çykaryljak robot-zenany tanyşdyrdy.

Zenan ýüzi we uzyn saçlary bilen köpçülige hödürlenen robotyň ady Wiom Mitra bolar. “viom” hem-de “mitra” sözleri sanskrit dilinden terjime edilende “kosmos” hem-de “dost” manylaryny berýär. Ol dürli berlen ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmak bilen iňlis hem-de hindi dillerine gürleýär.

Meýilnama laýyklykda, roboty 2020-nji ýylyň ahyrynda älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar. Bu robot arkaly älem giňişliginden maglumat almak meýilleşdirilýär.

Related posts

Vergi Seminerleri başlıyor

vepa

«Günüň dogýan ýurdy» indi IMO-da

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz: Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr