JEMGYÝET

Türkmenistanda otly gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi web saýtynda berlen maglumata görä,  otly gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli togtadylýar. Agentlik mundan ozal, otly gatnawlaryny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli duruzypdy.

Hususanda, www.railway.gov.tm internet sahypasynda bu barada şeýle diýilýär.

“Hormatly ýolagçylar!

2021-nji ýylyň fewral aýynyň 01-ne çenli ýolagçy otly gatnawlarynyň togtadylandygy barada habar berýäris” diýlip bellenilýär.

Düýn habar berşimiz ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy