DÜNÝÄ

Harbin halkara buz we gar festiwaly

Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk-gündogaryndaky Harbin şäherinde “Buz we gar” festiwaly geçirilýär. Indi asylly däbe öwrülen bu festiwala dünýäniň ençeme ýurdunyň jahankeşdelerini özüne çekýär. Bu festiwal  gyş paslyndan geçirilýän dünýäniň iň uly festiwallarynyň biridir. Her ýyl bu festiwaldaky gardan we buzdan ýasalan dürli binagärlik ajaýyplyklaryny görmek üçin 15 million adam gelýär. Festiwalyň geçirilýän meýdançasy 600000 inedördül metre barabar bolup, iň uzyn buzdan ýasalan binanyň beýikligi 46 metrdir. Bu festiwalyň guramaçylyk işlerine her ýyl 10 müň işçi gatnaşýar. Bu ýerde -35 derejede dürli şekiller ýasalýar. Munuň üçin 120 müň kub metr buz we 11 müň kub metr gar ulanyldy.

Bu festiwal diňe bir buz şekilleri bilen däl, eýsem şol şekilleriň adaty bolmadyk şekilleriň yşyklandyrylyşy  bilen tapawutlanýar. Hytaý Halk Respublikasyna gyşda syýahat etmek isleseňiz, buzdan ýasalan ajaýyp şekilleri görmegi duşuňyzdan geçirmäň.

1980-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu festiwal 5-nji fewralda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy