JEMGYÝET

Diwara ýelimlenen banan 120 000 dollara satyldy

Miami kenaryndaky şekilllendiriş sungatynyň ýarmarkasynda Diwara ýelimlenen banan 120 000 dollara satyldy. Ikinjisi hem, edil şol görnüşde şolbir baha satyldy. Üçünjisini bolsa, 150 000 dollara satylar diýip habar edilýär. Dünýäde herhili üýtgeşik haýrana goýýan zatlar örän köp, emma bir bölek miwe  üçin ol bahalar örän gymmat. Bu el işi Italýan senetçisi  Maurizio Katellan tarapyndan edilip, şu hepdäniň başlarynda satyşa çykaryldy. Bu işiň birinjisi fransuz bir aýala satyldy. Ikinji bolsa,  Artnet atly Fransiýaly birine satyldy. Maurizio Katellan ol bananlary özüniň eseri üçin Maýamidäki supermarketinden alandygyny we üçünji eserine hem muzeýe çykarjakdygyny belläp geçdi.

Maurizio Katellan Fransiýaly Artnet bilen bolan gürrüňinde şeýle diýdi: ”Men bu işi dynmak üçin 1 ýylymy sarp etdim. Häzire çenli gezen ýerlerimde men diwarda asylan banan gördüm.  Soňra birgün irden oýandym we özüme şeýle diýdim:

  • Bananyň banan bolmaly, ony üýtgetmeli däl!”

“Şeýdibem men bu eseri taýýarladym!”

Aýşirin Alyýewa

talyp

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi