JEMGYÝET

Hyrat welaýatynyň häkiminiň sapary

2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar.

Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy öz nobatynda goňşy Türkmenistanyň berýan kömeklerine we hemmetaraplaýyn ýardamyna minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň owgan halkyna berýän ynsanperwer kömekleriniň çäklerinde owgan ýaşlaryny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagyna we degişli hünärleri ele almaklaryna hem giň mümkinçilik berilýär.

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagyndaky türkmen telekeçileriniň sergisine gatnaşdylar we welaýatyň beýleki gözel ýerlerine aýlanyp gördüler.

Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabat şäheriniň häkimi bilen hem duşuşyk geçirdi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň owgan halkynyň asuda hem-de bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Öz nobatynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy Owganystanyň sebitde hem-de halkara derejesinde durmuşa geçirilýän iri göwrümli taslamalara doly hukukly gatnaşyjy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alyp barýan işlerine çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Aşgabada saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekiliýeti paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler we şäheriň gün-günden özgerýän keşbi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär