JEMGYÝET

Oýun üçin iň gowusy

«Asus» kompaniýasy ýörite oýun oýnamaga niýetlenen «ROG Phone II» smartfonyny işläp taýýarlady. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu telefon henize çenli öndürilenleriniň arasynda iň güýçlüsi bolar.

6,59 dýumly telefon AMOLED ekrany bilen üpjün edilen. Has agyr oýunlar üçin bolsa onda «AirTriggers» diýilýän goşmaça gurluş hem ýerleşdirildi. Elbetde, gulaklyk üçin ýerler, 4 sany mikrafon hem telefonyň gurluşynda ýatdan çykarylmady.

Şeýle hem täze smartfonda «Snapdragon 855 Plus» prosessory, 12 gb tizlik we 512 gb içki ýat işlär. Ol häzirki zaman mobil oýunlarynyň iň agyrlarynyň biri bolan «PUBG Mobile»-i üznüksiz 7 sagat oýnamaga mümkinçilik berýän batareýa hem eýe bolar. Ýagny onuň batareýasynyň güýji 6 müň milliampere ýeter. Smartfonyň «AeroActive Cooler II» atly sowadyş we goşmaça güýç çeşmesine eýedigini okamak hem okyjylarymyz üçin ýakymly bolsa gerek. Sowadyş ulgamy smartfonyň arka gapagynda ýerleşdirildi.

23-nji iýulda tanyşdyrylan smartfon sentýabr aýynda 900 dollardan satlyga çykarylar. Iň güýçlini bahasynyň hem elýeterdigi, dogrusy, haýran galdyrýar.

Related posts

Onlaýn media forum makalasynda “Atavatan Türkmenistana” uly orun

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň kömegi bilen 4000 töweregi adam Eýrandan öz Watanyna gaýdyp bardy

Türkmenistan täjik habarçysynyň maglumatyny nädogry hasaplaýar

Ata Watan Eserleri