JEMGYÝET

Aýda ekilen pagta doňdy

Ozalky täzeliklerimiziň birinde Hytaýyň «Chang’i 4» älem gämisiniň Aýyň «tümlük» tarapyna gonandygyny habar beripdik. Dünýäniň internet saýtlarynda birki günlükde çykan habarlarda bolsa älem gämisiniň Aýa ýöne bir «myhmançylyga» baryp gaýtman, eýsem gowaça ekip gaýdandygy hem ýüze çykdy. Ýöne Aýdaky «ekerançylygyň» ömri juda gysga boldy. Gije – 170 gradusa ýeten sowuk gowaçany tutuşlygyna doňdurdy.

Gowaça, alaga-da, açyk şertlerde Aýyň topragyna oturdyldymy? Ýok. Ony dünýäden äkilden topraga, onada-da bir gutynyň içinde oturtdylar. Gowaça «ideg» bolsa dünýäden amala aşyryldy.

Taslama gözegçilik edýän toparyň ýolbaşçysy Hie Jengsin bu ýagdaýy: «Tohumlaryň doňmagyna garaşýardyk. Olar gutuda bolsa-da, Aýdaky ýokary derejede sowuga çydam edip bilmez».

Eýsem, Aýdaky «ekerançylyk» näme üçin gerek? Alymlar muny Marsa syýahat etmegiň bir ýoly hökmünde düşündirýärler. Häzirki tehnologiki mümkinçilikler bilen Marsa ýetmek üçin 2,5 ýyl gerek bolar. Eger Aýda azyk üpjün edip bolsa, Marsyň syýahatçylaryny ýakyn aralykdan azyk bilen üpjün etmek has amatly boljak.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine we Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi

“Makul habar” elektron gazeti (44-sany)

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine nobatdaky iş sapary

Türkmenistanda 1-nji dekabrdan 200 manatlyk banknot dolanyşyga giriziler

Ata Watan Eserleri