SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

15-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün işde özüňizi görkezmek üçin amatly mümkinçilik döräp biler. Öňden bäri garaşýan wezipäňiz ýa-da täze taslama bilen bagly teklip alyp bilersiňiz. Emma netijäni çalt gazanmak islegi bilen howlukmaň. Kärdeşleriňiziň arasynda ýüze çykjak düşünişmezlige goşulmazlyk has dogry bolar. Söýgi durmuşynda bolsa duýgularyňyzy gizlemek kynlaşar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak bilen bagly täze pikirler dörär. Goşmaça iş gözleýän ýa-da öz işini açmak isleýän Sowurlar üçin peýdaly maglumatlar gelip biler. Işde tejribäňize daýanmak bilen çylşyrymly meseläni üstünlikli çözüp bilersiňiz. Ýöne başgalaryň beren maslahatlaryny hem göz öňünde tutuň. Maşgala durmuşynda öýüň geljegi, çagalaryň terbiýesi ýa-da bilelikdäki çykdajylar barada söhbetdeşlik bolar.

 Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün işewür gepleşikler, duşuşyklar we täze hyzmatdaşlyklar bilen bagly meseleler üstünlikli ilerläp biler. Siziň sözleýiş ukybyňyz we adamlary ynandyrmak başarnygyňyz peýda getirer. Bir kärdeş bilen bilelikde täze işe başlamak barada pikir alyşmagyňyz mümkin. Söýgi durmuşynda bolsa öňden dowam edip gelýän bir düşünişmezligiň sebäbi aýdyňlaşyp biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Iş bilen bagly jogapkärçilikleriň köpelmegi mümkin. Esasan hem ýolbaşçylygyň ynanan tabşyrygyny wagtynda ýerine ýetirmek üçin günüňizi dogry meýilleşdiriň. Öňki zähmetiňiziň netijesinde goşmaça girdeji ýa-da höweslendiriş almak mümkinçiligi bar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Döredijilik we işjeňlik talap edýän ugurlarda üstünlik gazanmak mümkinçiligiňiz ýokary. Öz işini alyp barýan Esetler üçin müşderiler bilen bagly täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Iş ýerinde siziň pikiriňize daýanmak isleýän adamlar köpelip biler. Şahsy durmuşyňyzda bolsa söýgi bilen bagly ýakymly pursatlara garaşyň. Ýanýoldaşyňyza ýa-da söýýän adamyňyza taýýarlajak kiçijik sowgadyňyz gatnaşyklaryňyza aýratyn öwüşgin berer. Ýöne maşgala býujetine degişli çykdajylarda ölçegden çykmaň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Öýden alnyp barylýan işler ýa-da maşgala kärhanasy bilen bagly meseleler şu gün ünsüňizi çekip biler. Öýüňizde işlemek üçin amatly şert döretmek ýa-da geljekki meýilnamalaryňyzy maşgala agzalary bilen ylalaşmak isläp bilersiňiz. Kärdeşleriň biri siziň üstüňize goşmaça iş ýüklemäge synanyşyp biler. Öz wagtyňyzy we mümkinçilikleriňizi göz öňünde tutup jogap beriň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Täze adamlar bilen tanyşmak we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler döräp biler. Söwda, mahabat, habar beriş serişdeleri ýa-da hyzmatlar ulgamynda işleýän Mizanlar üçin netijeli gün bolar. Bir müşderiniň ýa-da hyzmatdaşlygyň üsti bilen geljekde peýda getirjek teklip alyp bilersiňiz. Söýgi durmuşynda bolsa garaşylmadyk habar keýpiňizi göterip biler. Ýanýoldaşyňyz bilen bilelikde gezelenç ýa-da dynç alyş meýilnamasyny düzmek mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Gazanç we hünär ösüşi bilen bagly meseleler şu gün esasy orna geçer. Işde goşmaça jogapkärçilik almak ýa-da öňden bäri ýerine ýetirýän işiňiziň hakyny ýokarlandyrmak barada gürrüň açyp bilersiňiz. Zähmetiňiziň bahasyny bilmek we öz mümkinçilikleriňizi dogry görkezmek möhümdir. Maşgalaňyzda maddy mesele boýunça maslahatlaşmak zerurlygy ýüze çykyp biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün özüňiz üçin täze maksat goýmak we hünär ugurlaryňyzy giňeltmek barada oýlanarsyňyz. Başga iş ýerine geçmek, täze hünär öwrenmek ýa-da daşary ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän Kowuslara peýdaly habar alyp bilerler. Emma birbada birnäçe ugra güýjüňizi sarp etmäň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Işde köpçülige mälim bolmadyk bir meseläniň çözgüdini tapmak üçin size ýüz tutup bilerler. Tejribäňiz we jogapkärçilikli garaýşyňyz netijesinde ynam gazanarsyňyz. Şeýle-de bolsa, başgalaryň borçlaryny hem öz üstüňize almakdan saklanyň. Maliýe meselelerinde öňden galan bergileri üzmek ýa-da tölegleri tertipleşdirmek üçin amatly gün.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Hyzmatdaşlyk we bilelikde iş alyp barmak bilen bagly mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Öňden tanaýan adamyňyz bilen täze taslama başlamak ýa-da işewür ylalaşyga gelmek mümkin. Şertleri anyk kesgitlemek geljekde düşünişmezlikleriň öňüni alar. Şahsy durmuşyňyzda bolsa gatnaşyklar barada çynlakaý pikirlenmegiňiz mümkin. Biriniň size bolan garaýşyny anyklamak isleýän bolsaňyz, onuň hereketlerine üns beriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gündelik işleriňiz bilen bagly käbir üýtgeşmeler bolup biler. Iş tertibiniň täzelenmegi ýa-da täze borçlaryň goşulmagy başda kyn görünse-de, wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaýyň peýdasyny görersiňiz. Iş gözleýän Hutlar üçin täze iş ýeri barada maglumat almak mümkinçiligi bar. Öz işiňiz bilen meşgullanýan bolsaňyz, hyzmatlaryňyzyň hiline we müşderileriň isleglerine has köp üns beriň. Söýgi durmuşynda romantiki garaşylmalar bilen hakyky ýagdaýyň arasynda deňagramlylyk saklamak gerek.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

30-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

25-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama