MEDENIÝET

Türkmenistan we Hytaý «Müňýyllygyň behişdi bedewleri» atly sergini gurnaýar

2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilmegi hem-de Hytaýyň Aý senenamasy boýunça at ýylyna gabat gelmegi özboluşly ruhy sazlaşygy emele getirýär.

Bu ajaýyp senede Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan «Müňýyllygyň behişdi bedewleri» atly sergi gurnaldy.

Sergimiziň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň  we daşary ýurtlaryň resmi wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çeperçilik sungat mekdebiniň okuwçylary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet sungat işgärleri gatnaşdylar. Sergi 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 18-ne çenli dowam edýär.

Sergide ýetmişe barabar eserler görkezilýär. Eserlerde Hytaýda atçylyk medeniýetiniň köp asyrlyk taryhy yzarlanýar.

Bu ýerde gadymy ýazgylar, Mawangduidäki At fizionomikasynyň nusgawy kitaby, Maolin aramgähinden tapylan altyn çaýylan bürünç at, Han Ganyň, Li Gunliniň, Çžao Menfunyň we Juzeppe Kastilýoneniň meşhur eserleriniň nusgalary arkaly atyň Beýik Ýüpek ýolundaky amaly hyzmatyndan tä Hytaý sungatynyň nusgawy çeper nyşanyna öwrüliş ýoly görkezilýär.

Günbatar Han neberesiniň «gan derleýän behişdi bedewleri» gözläp ugrap, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda siwilizasiýa dialogyny emele getirişi serginiň esasy taryhy mazmunyny düzýär.

Ondan başga-da häzirki zaman hytaý suratkeşleriniň täze eýýamdaky bedew ruhuny wasp edýän eserleri hödürlenýär. Garyşyk tehnikalarda döredilen nakgaş we grafika eserler däp bolan atçylyk sungatynyň innowasion ösüşini we häzirki zaman adamsynyň ruhy gözleglerini açyp görkezýär.

Related posts

Türkmen talyplar Ankaradaky “Türkmenistan” seýilgähine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Aziýa-ýuwaş ummany sebitiniň media hyzmatdaşlygy

Noýabr aýynyň çäreleri: festiwallar, konsertler we kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler