SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

13-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün öňüňizde iki dürli ýol açylyp biler: häzirki işiňizde galyp, ýagdaýy gowulandyrmak ýa-da täze ugurda özüňizi synap görmek. Bu barada pikirlenýän bolsaňyz, diňe şu günüň däl, ýakyn aýlaryň mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutuň.Işdeşleriňiziň biri bilen ozal ylalaşylan meselede garaýyşlaryň tapawutlanmagy mümkin. Maliýe babatda bolsa garaşylmadyk girdeji däl-de, öňden galan bir tölegi almak ýa-da bergini gaýtarmak bilen bagly habar eşidip bilersiňiz. Şahsy durmuşyňyzda özüňize degişli bir karary başgalaryň täsirine düşmän kabul etmek islärsiňiz. Söýýän adamyňyz bilen geljek barada gürrüň etmek üçin amatly pursat döräp biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Öýüňizde uzak wagt bäri üns berilmän gelýän bir meseläni çözmek üçin wagt taparsyňyz. Bu maşgala býujeti bilen bagly bolup biler. Işde bolsa tejribäňizden peýdalanmaly boljak täze ýagdaý ýüze çykmagy mümkin. Ýaş kärdeşiňiziň sizden maslahat soramagy hem ähtimal. Şu gün maliýe babatda ownuk girdejileriň we çykdajylaryň hasabyny ýöretmek peýdaly bolar.Garyndaşlaryň biri bilen ozalky gürrüňiň dowam etdirilmegi mümkin. Söýgi durmuşynda bolsa bilelikde geçirilen wagt siziň üçin köp zatdan gymmatly bolar. Ýalňyz Sowurlar tanyşlyk meselesinde daşyndan özüne çekiji görünýän adama däl-de, onuň häsiýetine üns bermelidirler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün bilim, resminama ýa-da resmi ýüz tutmalar bilen bagly işleriňizde öňe gidişlik bolup biler. Bir ýerden garaşýan jogabyňyz gelip biler ýa-da ozal düşnüksiz bolan zatlary anyklap bilersiňiz. Iş gözleýän Jöwzalar üçin söhbetdeşlik ýa-da täze iş mümkinçiligi barada birnäçe  maglumatlary alyp bilerler.Şeýle-de bolsa, diňe wada bilen çäklenýän tekliplere seresap çemeleşiň.Gündelik durmuşda ýakyn dostuňyzyň şahsy meselesine goşulyp, oňa maslahat bermeli bolmagyňyz mümkin. Söýgi babatda bolsa uzak aralykda ýaşaýan ýa-da köp wagt bäri görşüp bilmedik adamyňyz bilen aragatnaşyk ýola goýulmagy mümkin. Bu gün eşiden habaryňyz öňki meýilnamaňyzy täzeden gözden geçirmegiňize sebäp bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Maşgalaňyzda çagalaryň okuwy, olaryň gündelik zerurlyklary ýa-da geljekki meýilnamalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu meselede diňe alada etmek däl, anyk çözgüt tapmak hem möhümdir. Işde bolsa özüňize degişli bolmadyk jedelli gürrüňlerden daşda durmak peýdaly bolar.Bir kärdeşiňiziň aýdýan maglumatlaryny barlamazdan başgalara ýetirmäň. Pul babatda öý üçin zerur bolan bir zady satyn almak meýilnamasy ýüze çykyp biler. Söýgi durmuşynda käbir Seretanlar öz gatnaşyklarynda deňagramlylygyň ýitendigini duýup bilerler. Hemişe bir tarapyň eglişik etmegi uzak wagtlap dowam edip bilmeýär. Bu barada açyk gürrüňleşmek zerur bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün jemgyýetçilik çäreleri, duşuşyklar ýa-da täze adamlar bilen tanyşlyk siziň günüňiziň esasy bölegini eýeläp biler. Öň hiç wagt hyzmatdaşlyk etmedik adamyňyz bilen umumy gyzyklanma tapmagyňyz mümkin. Işde özüňizi görkezmek üçin aýratyn mümkinçilik gözlemegiň ýerine, size ynanylan işi ýokary hilli ýerine ýetirmek has köp peýda getirer. Maliýe babatda çykdajylary azaltmak barada pikirleniň.Maşgalaňyzda siziň gatnaşmagyňyz bilen çözülmeli bir mesele bolup biler. Söýgi durmuşynda bolsa käbir Esetler özlerine bildirilýän ünsi kabul etmek bilen, çynlakaý gatnaşyklara taýyndyklaryny anyklamaly bolarlar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün saglyk, dynç alyş we gündelik endikler bilen bagly meseleleriňize has köp üns berersiňiz. Uzak wagt bäri yza süýşürýän lukmançylyk barlagyňyzy ýa-da şahsy işleriňizi meýilleşdirmek üçin mümkinçilik döräp biler. Işde bir meseläniň çözgüdini tapmak üçin öň ulanan usulyňyz netijesiz bolup biler. Şonuň üçin başgaça çemeleşmäge synanyşyň. Maliýe babatda yzygiderli tölenýän hyzmatlaryňyzy we zerur däl çykdaýjylary  gözden geçirmek peýdaly bolar. Maşgalaňyzda biriniň size ynanyp aýdan syryna hormat goýuň. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa geçmişdäki wakalary häzirki gatnaşyklaryňyza ölçeg hökmünde ulanmazlyk möhümdir.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Çagalaryň döredijiligi, okuw işi ýa-da maşgalanyň dynç alyş meýilnamasy bilen bagly ýakymly hereketler şu gün siziň ünsüňizi çeker. Özüňiziň hem uzak wagt bäri gyzyklanyp ýören bir işiňize dolanmak islegiňiz güýçlenip biler. Hünär babatda döredijilikli pikirleriňiz goldaw tapyp biler, ýöne olary amala aşyrmak üçin anyk meýilnama gerek bolar.Maliýe meselelerinde güýmenje we dynç alyş üçin niýetlenen puluňyzy öňünden kesgitläň. Söýgi durmuşynda täze tanyşlyk ýa-da öňki tanyş bilen täzeden duşuşmak mümkinçiligi bar. Maşgala durmuşyndaky Mizanlar bolsa ýakynlary bilen bilelikde geçirjek wagtynyň gadyryny has gowy duýarlar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün ýaşaýyş jaýy, göçmek, emläk ýa-da maşgala bilen bagly möhüm bir meseläni ara alyp maslahatlaşmagyňyz mümkin. Bu ugurda kabul ediljek kararyň diňe häzirki ýagdaýyňyza däl, geljekki çykdajylaryňyza hem täsir etjekdigini unutmaň. Işde şahsy durmuşyňyza degişli aladalaryň ünsüňizi sowmagyna ýol bermäň. Öýden işleýän Akraplar iş şertlerini tertipleşdirmek netijeli bolar.Garyndaşlaryň biri bilen öňden bäri çözülmedik mesele barada gürrüň gozgalyp biler. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa özüňizi düşünilmedik ýaly duýýan bolsaňyz, muny sessiz nägilelik bilen däl-de, anyk sözler bilen düşündiriň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Gysga wagtlyk syýahat, ulag, resminama ýa-da ýakyn töweregiňizdäki bir iş bilen bagly hereketler köpelip biler. Bir ýerden başga ýere gitmeli bolmagyňyz ýa-da öňünden meýilleşdirilmedik duşuşyga gatnaşmagyňyz mümkin. Işde gepleşik geçirmek, müşderiler bilen habarlaşmak ýa-da täze maglumat toplamak bilen meşgullanjak Kowuslar üçin netijeli gün bolar. Söwda-satyk bilen meşgullanýanlar üçin müşderiler bilen aragatnaşyk aýratyn ähmiýetli bolar.Maliýe babatda ulag ýa-da ýol çykdajylaryny hasaplamak zerur bolup biler. Söýgi durmuşynda bolsa bir habaryň ýa-da garaşylmadyk jaňyň keýpiňizi üýtgetmegi mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün öz zähmetiňize we hünär başarnygyňyza nähili baha berilýändigi barada oýlanmagyňyz mümkin. Aýlyk hakynyň ýokarlandyrylmagy, goşmaça iş ýa-da täze girdeji çeşmesi barada pikir etmek üçin sebäp döräp biler. Emma täze mümkinçilik gözläniňizde häzirki durnuklylygyňyzy hem göz öňünde tutuň. Öý hojalygynda tygşytlamak ýa-da maşgala üçin uly birzat  satyn almak  islegiňiz has ýokary bolmagy  ähtimal. Ýakynlaryňyz siziň diňe maddy goldawyňyza däl, pikirleriňize hem mätäç bolup bilerler.Söýgi gatnaşyklarynda bolsa iş bilen meşgullygyňyzy düşündirmek ýeterlik däl, ýakyn adamyňyza wagt aýyrmagyň hem möhümdigini ýatda saklaň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Bu gün şahsy keşbiňize, daşky görnüşiňize ýa-da durmuş ýörelgäňize üýtgeşme girizmek islegi döräp biler. Täze maksat goýmak, özüňiz üçin möhüm bolan bir işe täzeden başlamak barada oýlanarsyňyz. Işde garaşylmadyk teklip ýa-da öňden bäri pikir edýän başlangyjyňyzy durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädim ýüze çykyp biler. Emma özüňize aşa köp wezipe ýüklemäň.Maliýe babatda şahsy islegleriňiz bilen zerur çykdajylaryň arasynda tapawut goýuň. Maşgalaňyzda siziň özbaşdak kararlaryňyza düşünmezlik bolup biler. Söýgi durmuşynda bolsa özüňizi üýtgetmäge mejbur edýän gatnaşyklara däl, sizi bolşuňyz ýaly kabul edýän adama ähmiýet beriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün köpçülikden biraz daşlaşyp, öz pikirleriňiz bilen ýeke galmak isläp bilersiňiz. Öňki döwürde bolup geçen bir waka ýa-da tamamlanmadyk gatnaşyk ýadyňyza düşmegi mümkin. Emma geçmişe dolanmak häzirki mümkinçilikleriňizi görmezlige sebäp bolmasyn. Işde köpçülige görünmeýän, ýöne möhüm ähmiýeti bolan bir işi ýerine ýetirmek size tabşyrylyp bilner.Maliýe babatda öňden galan bergileri ýa-da tölegleri tertibe salmak üçin amatly pursat. Maşgalaňyzda bir ýakynyňyzyň ýagdaýyna düşünmek üçin onuň bilen aýratynlykda gürleşmek zerur bolar. Söýgi durmuşynda bolsa özüňize ynam döretmäge we duýgularyňyza aýdyň düşünmäge wagt beriň.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

19-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

02-nji Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama