SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

12-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Irden wagtyňyzy biderek ýitirmän, mümkin boldugyça köp işi bitirmäge çalşyň. Sebäbi hut şu döwürde oňyn täsirler has güýçli bolup, dürli işlerde ajaýyp netijeleri gazanmaga mümkinçilik dörär. Işde ýa-da maşgalada ýüze çykan düşünişmezlikleri çözmek we öň gatnaşyk saklamaga isleg bildirmedik adamlar bilen hem umumy dil tapmak aňsat bolar.Günüň ikinji ýarymynda , esasan-da maliýe meselelerini çözmegi meýilleşdirenler üçin birneme kyn geçip biler. Ýalňyşlyklar we gözden salnan käbir jikme-jiklikler ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle hem töweregiňizde köp wada berýän, ýöne beren sözünde durmagy ähtimal bolmadyk ynamsyz adamlar peýda bolup biler. Şonuň üçin haýsydyr bir ylalaşyga gelmezden ýa-da şertnama baglaşmazdan ozal, hyzmatdaşlygyňyzyň ygtybarlydygyna göz ýetiriň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Eger bu gün üçin uly meýilnamalaryňyz bar bolsa, olary howlukman amala aşyrmagyň has dogry boljakdygyny ýatda saklaň. Esasan-da, çylşyrymly meseleleri çözmegi meýilleşdirýän Sowurlara sabyrlylyk örän zerur bolar. Bu gün dürli gijikmeler we öň gazanylan ylalaşyklaryň bozulmagy mümkin. Şele hem käbir işler garaşyşyňyz ýaly netije bermän biler.Şonuň üçin täzeçe çemeleşmeli we başga ýollary gözlemeli bolarsyňyz. Bularyň hemmesi köp güýç sarp etdirse-de, üstünlik gazanmagyňyza päsgel bermez.Tejribäňiz we güýçli duýgurlygyňyz netijesinde gereksiz çykdajylardan gaça durup, amatly şertnamalary baglaşmagyň ýoluny taparsyňyz.Günüň ikinji ýarymy käbir Sowurlar aýratyn bir netije garaşmadyk iş gepleşiklerini hem üstünlikli geçirip bilerler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň başynda ajaýyp pikirler gelip biler. Olary amala aşyrmaga mümkin boldugyça tiz girişmek has ýerlikli bolar, sebäbi wagtyň geçmegi bilen oňyn täsirleriň güýji peselip biler.Mundan başga-da, günüň başy durmuşda möhüm orun eýelejek duşuşyklara baý bolar. Bu, esasan-da, täze gatnaşyklara taýýar bolan Jöwzalar üçin möhümdir. Şeýle wekilleriň şahsy durmuşynda uly özgerişlikler bolup biler. Şu gün başlan romantik gatnaşyklar örän çalt ösüp, tiz wagtdan munuň wagtlaýyn gyzyklanma däl-de, eýsem çynlakaý duýgulardygyna göz ýetirersiňiz.Iş babatda gün birneme çylşyrymly geçer. Esasan-da, ýolbaşçylyk wezipesinde işleýän ýa-da başga adamlaryň jogapkärçiligini öz üstüne alan Jöwzalar üçin aňsat bolmaz. Olara çylşyrymly çözgütleri kabul etmeli bolar we bu hemişe-de ýeňil düşmez.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Günüň başynda söýgi gatnaşyklarynda oňyn özgerişlikler bolup biler. Eger soňky döwürde söýýän adamyňyz bilen düşünişmek kynlaşan bolsa, indi düşünişmezlikleriň hakyky sebäbini anyklamaga, ylalaşyga gelmäge we bilelikde hereket etmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik dörär. Şeýle hem siz  olary  begendirmäge çalşarsyňyz, ol hem size şeýle jogap berer.Güniň ikinji ýarymynda bolsa işde hem öňegidişlik gazanmak mümkin.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Günüň başy wakalara baý we gyzykly geçer. Bu amatly wagty öň başlan işleriňizi tamamlamak ýa-da täze işe girişmek üçin peýdalanyp bilersiňiz. Köpden bäri amala aşyrmak isleýän meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmegiň ýoluny tapmagyňyz  hem mümkin. Üstesine-de, munuň üçin hiç kimden kömek soramagyň zerurlygy bolmaz. Gaýtam, özbaşdak hereket etmek arkaly isleýän netijäňize çalt ýetip bilersiňiz.Maliýe barada aýdylanda bolsa, günüň ikinji ýarymynda ep-esli pul girdejisi bolup biler. Bu öň ýerine ýetiren işiňiziň tölegi ýa-da öňünden berilýän hak bolup biler. Her niçigem bolsa, gelen puly dessine harçlamagyň zerurlygynyň ýokdugyny ýatda saklaň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Howlukmak zerur, sebäbi günüň başy maliýe bilen bagly meseleleri goşmak bilen, köp sanly möhüm işi çözmek üçin amatly bolar. Bu döwürde işewürlik duýgurlygyňyz has-da ýitileşer.Gunüň ikinji ýarymynda Köp Sünbüleler söýýän adamy bilen düşünişmegiň kynlaşýandygyny, onuň hem öňküsi ýaly aragatnaşyga isleg bildirmeýändigini duýup bilerler. Düşünişmezlikler we özara nägilelikler ýüze çykmagy ähtimal.Mundan başga-da, ýakynlaryňyzyň birine maddy kömek gerek bolup biler. Näçe mukdarda puluň zerurdygyny we serişdeleri nähili peýdalanmagyň has ýerliklidigini anyklamak size düşer. Bularyň hemmesi ýadawlyk döredip biler. Şeýle-de bolsa, ähli işleri başarmagy başararsyňyz we ýakynlaryňyz beren kömegiňiz hem-de goldawyňyz üçin size minnetdar bolarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün nähili meýilnamaňyz bolsa-da, howlukmaň. Häzirki wagtda oýlanyşyksyz hereketlerden gaça durmak we her bir ädimiňiziň netijelerini öňünden göz öňünde tutmak örän möhümdir. Mundan başga-da, bu gün artykmaç zatlary aýtmazlyk aýratyn ähmiýete eýe bolar. Syrlaryňyzy ýa-da pikirleriňizi kimdir biri bilen paýlaşmazdan ozal, onuň näderejede ynamdar adamdygy barada oýlanyň.Günüň ikinji ýarymynda maliýe kynçylyklary bilen bagly bolup biler. Garaşýan pul girdejileriňiziň gijikmegi mümkin. Käbir Mizanlara meýilleşdirilmedik çykdajylar garaşýar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Günüň başynda dartgynly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ähtimal. Kimdir biri bilgeşleýin bolmasa-da, sizi ýalňyş ýola gönükdirip ýa-da ýörite bulaşdyryp biler. Şonuň üçin az tanaýan adamlaryňyzyň sözlerine ynanmaň.Günüň ortasy birneme asuda geçer. Köp Akraplara öňden tanyş bolan işlerine täzeden dolanmaly bolar we şol ugurda öňegidişlik gazanmak başardar. Oňyn özgerişlikleriň bolmagy hem mümkin. Eger soňky döwürde kärdeşleriňiz ýa-da işewür hyzmatdaşlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykan bolsa, indi ylalaşyga gelmek başardar. Şeýle hem gyzykly iş teklipleri gelip biler. Emma olary kabul etmäge howlukmaň, ilki bilen ähli şertlerini öwreniň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Irden hoş habarlar we gyzykly teklipler gelip biler. Bu wagt iş babatda örän amatly bolar. Köp Kowuslaryň kellesine ajaýyp pikirler gelip, olary gysga wagtyň içinde durmuşa geçirmek başardar. Emma günüň ortasy kyn geçer. Durmuşyňyzyň ähli ugurlarynda diýen ýaly dürli meseleler ýüze çykmagy mümkin.Söýýän adamyňyz bilen umumy dil tapmak adatdakysyndan has kyn bolar. Ol size käbir nägileliklerini bildirmegi mümkin we ähli meseleleri asuda hem hoşniýetli ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak başartmazlygy ähtimal. Şeýle-de bolsa, özüňizi ele almaga çalşyň. Köp zat hut siziň duýgularyňyza däl-de, paýhasyňyza daýanmak ukybyňyza bagly bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň başy  maliýe meselelerini çözmek üçin aýratyn amatly bolar. Goşmaça girdeji gazanmak bilen bagly ajaýyp pikirler ýüze çykAR.Esasan-da, işi häzirki wagtda tehnikalary satmak,   öndürmek ýa-da abatlamak bilen bagly bolan Jediler üçin bu gün has-da amatly bolar.Söýgi gatnaşyklarynda oňyn täsirler agdyklyk eder. Söýýän adamyňyz bilen aragatnaşykda hiç hili kynçylyk ýüze çykmaz. Gaýtam, ikiňiz hem birek-birege köp meselede eglişik etmäge taýýar bolarsyňyz. Bu gün geljekki durmuşyňyzy we umumy meýilnamalaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Günüň başynda iş gepleşiklerini geçirmek üçin aýratyn amatly bolar. Bu, ilkinji nobatda, iş ýerini çalyşmagy meýilleşdirýän Daluwlara  degişlidir. Olara has gyzykly wezipeleri hem-de ep-esli ýokary aýlygy wada berýän teklipleriň gelmegi ähtimal. Şeýle hem täze hyzmatdaşlaryň peýda bolmagy mümkin. Olaryň goldawy öňüňizde täze mümkinçilikleri açar.Günüň ikinji ýarymynda romantik häsiýete eýe bolup biljek täze tanyşlyklar hem ýüze çykmagy mümkin. Üstesine-de, şeýle tanyşlyklar garaşylmadyk ýagdaýlarda bolup biler. Siz aljyraňňylyga düşmän, wagtynda başlangyç görkezmegi we özüňiz barada örän gowy täsir galdyrmagy başararsyňyz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün  Söýgi gatnaşyklarynda çynlakaý kynçylyklar ýüze çykmaz, ýöne wagtlaýyn sowuklyk duýulmagy mümkin. Ähtimal, munuň sebäbi siziň hem, ýoldaşyňyzyň hem öz şahsy işleriňize başagaý bolmagyňyz bolar. Şonuň üçin birek-birege wagt sarp etmek mümkinçiligiňiz adatdakysyndan biraz azalar. Emma ýagdaýlar mümkinçilik berse, bilelikde aýratyn bir zatlary, etmäge , syýahaty ýa-da gyzykly çärelere gatnaşma çalyşyň bu hem ikiňiziň wagtyňyz örän şadyýan geçmegine ýardam eder .

 

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

Related posts

29-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2026;Hepdelik täleýnama (04-nji -10-njy Maý)

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama