BIZNES

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy 2026-njy ýyl üçin Alfred Nobeliň hatyrasyna döredilen Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet ylymlary boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi.

«Sinhua» agentligine salgylanyp habar bermegine görä, bu abraýly baýraga amerikaly alymlar Robert E. Holl we Maýkl Wudford makroykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň mikroykdysady esaslaryny öwrenmek boýunça ylmy işleri üçin mynasyp görüldi.

Akademiýanyň beýanatynda bellenilişi ýaly, alymlaryň işläp taýýarlan makroykdysady modelleri ykdysady durnuklylygy üpjün etmek syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Olaryň ylmy barlaglary esasynda öz wagtynda durmuşa geçirilýän salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň çäreleri ykdysady üýtgemeleriň ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam edip biler.

Baýraga mynasyp bolan alymlaryň ikisi hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda doguldy. Robert E. Holl Stenford uniwersitetiniň professory, Maýkl Wudford bolsa Kolumbiýa uniwersitetinde zähmet çekýär.

Related posts

Türkmenistan ekonomisinde istikrarlı büyüme

vepa

Mämmethan Çakyýew hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanda 1500 hususy firmalar senagat we himiýa önümçiligini edýär