SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Täze kitap saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin sowgat boldy.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.

Lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň köp sanlysynyň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Kitabyň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň we ösümlikleriň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Alym we lukman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam eder.

Related posts

Ispaniýa we Gresiýa örtük dakynmagy ýatyrýar

Türkmenistandan Russiýa 36-njy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

Ata Watan Eserleri

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Dr.Döwran Orazgylyjov