BILIM

Fransuz dilini öwrenmek üçin näme etmeli?

“Ata Watan Media” Türkmenistandaky Fransuz institutynyň direktory Vincent Lorenzini bilen fransuz dilini öwrenmegiň we Fransiýada bilim almagyň mümkinçilikleri barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Soňky wagtlarda fransuz dilini öwrenmek isleýän ýaşlardan we olaryň ene-atalaryndan redaksiýamyza köp sanly soraglar gelip gowuşýar. Soraglaryň aglabasy Aşgabatdaky Fransuz institutynda geçirilýän dil okuwlary, olara gatnaşmagyň şertleri, fransuz dilini öwrenmegiň mümkinçilikleri we Fransiýada ýokary bilim almak bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Ata Watan Media paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistandaky Fransuz institutynyň direktory Vincent Lorenzini bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda fransuz dilini öwrenmegiň mümkinçilikleri, Fransuz institutynyň alyp barýan işleri, dil okuwlaryna gatnaşmagyň şertleri, şeýle hem Fransiýada bilim almak isleýän türkmen ýaşlaryny gyzyklandyrýan beýleki meseleler barada gürrüň edildi.

Hormatly okyjylarymyz!

Fransuz dilini öwrenmek we Fransiýada bilim almak mümkinçilikleri barada taýýarlanan bu söhbetdeşligi aşakdaky jemgyýetçilik torlaryndaky sahypalarymyzdan dolulygyna tomaşa edip bilersiňiz:

  • Instagram: @atavatanturkmen
  • TikTok: @atawatanhabarlary
  • YouTube: Atavatan TV

Fransuz dilini öwrenmegi ýa-da Fransiýada ýokary bilim almagy meýilleşdirýän bolsaňyz, bu söhbetdeşlik sizi gyzyklandyrýan köp sanly soraglara jogap tapmaga ýardam berip biler.

Ata Watan Media

Related posts

«Ýaşlyk» teleýaýlymy : Mekdep we institut bilim maksatnamasyny sanly ulgama ornaşdyrmak

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda pars şygryýeti we edebiýaty çäresi geçirildi

23-nji aprel «Iňlis dili» güni