BILIM

Türkmenistan bilen Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasy bolan M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi. Ylym we bilim ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de durnukly ösdürmäge gönükdirilen bu ädim iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-hünär, medeni we akademiki baglanyşyklaryň täze derejä çykmagyna hem-de innowasion gazananlaryň bilim ulgamynda giňden ornaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Ylalaşyga laýyklykda, taraplar bilim maksatnamalarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, taraplaryň öňdebaryjy iş tejribelerini hem-de okuw-usuly resminamalaryny alyş-çalyş etmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrarlar. Resminamanyň esasy ugurlarynyň biri hem mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy işgärleriň akademiki alyş-çalyşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hünär derejesini ýokarlandyrmak, düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary alyp barmak maksady bilen hünärmenleri hyzmatdaş ýokary okuw mekdebine ibermek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, halkara derejeli ylmy-barlag we ylmy-tehniki taslamalary, kongresleri, simpoziumlary, ylmy hem-de usuly maslahatlary, tegelek stollary we sergileri bilelikde guramak, şeýle hem ylmy-usuly neşirleriň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň alyş-çalyşyny amala aşyrmak bellenilýär. Bu özara hyzmatdaşlyk iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky ylmy-intelektual kuwwady birleşdirmäge we ýaş hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açmaga uly goşant goşar.

Related posts

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti ABŞ-da saparda bolýar

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy