Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Size wakalara baý gün garaşýar. Öňden tanyş meseleleriň üstüne täze işler hem goşular we ähtimal olary özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Hawa, kimdir biri size kömek etmegi teklip edip biler, ýöne başga adamlaryň goşulmagy peýdadan zyýany köp getirip biler.Günüň ilkinji ýarymy Hamal ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin  iş duşuşyklaryna ýa-da iş söhbetdeşliklerine  gatnaşjak adamlar üçin şowly geçer.Şeýle hem  bu döwür geljekki iş beriji ýa-da hyzmatdaşlyk etmek isleýän adamlaryňyz  bilen gepleşik geçirmek üçin amatlydyr. Hatda garaşyşyňyzdan has gyzykly teklipleri edilip bilerler. Şeýle ýagdaýda aljyramazlyk we indiki ädime taýyndygyňyzy dessine görkezmek möhümdir. Özüňize bolan ynamyňyz köp adamlarda gowy täsir galdyrar. Hut şu ynamyňyzyň kömegi bilen möhüm meseleleriň çözgüdinde özüňiz üçin iň amatly netijä  ýetip bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu aňsat gün bolmaz. Size goldaw gerek bolup biler, ýöne köne tanyşlaryňyza ýüz tutmak aňsat bolmaz sebäbi ygtybarly ýaranlaryňyz öz meselelerini çözmek bilen aşa meşgul bolarlar. Şeýle-de bolsa, günüň ilkinji ýarymy peýdaly tanyşlyklar üçin mümkinçilik döreder. Size gowy maslahat berip biljek we haýyşyňyza seslenjek adamlar bilen duşuşmagyňyz mümkin.Günüň ortalary iş babatda has çylşyrymly geçer. Käbir zatlaryň meýilnama boýunça gitmezligi mümkin we şeýle ýagdaýda karar kabul etmek size kyn düşer. Bir tarapdan, maglumat ýeterlik bolmaz, beýleki tarapdan bolsa töweregiňizdäkiler sizi howlukdyrar, nerwiňizi dartgynlaşdyryp, ünsüňizi jemlemäge päsgel bererler. Ýöne alada etmäň. Tiz wagtdan oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlener we çynlakaý ýaly görünýän meseleler yzda galar.Günüň ikinji ýarymy siziň üçin aýratyn möhüm mesele bilen bagly hoş habarlary getirip biler. Köp Sowurlar öňe gitmegine päsgel beren böwetleriň indi ýokdugyna göz ýetirip, özlerini has ynamly duýarlar. Bu derrew möhüm ädim ätmelidigiňizi aňlatmaýar, ýöne iň bolmanda ýakyn geljek üçin meýilnama düzmäge mümkinçilik döreder.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Siz  adamlar bilen aňsat düşünişmegiňiz mümkin. Peýdaly tanyşlyklar edinmek, täze ýaranlary tapmak, kimdir biri bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşmak ýa-da şahsy meseleleriňizi çalt çözmek üçin döredilýän mümkinçilikleri elden bermersiňiz.Şeýle hem  Jöwza ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin köp sanly gyzykly söhbetdeşlikler garaşýar. Ýakyn wagtda dogry karar kabul etmäge kömek etjek maglumatlary almagyňyz mümkin. Şeýle-de günüň başynda täze we adaty bolmadyk pikirler dörär. Olary durmuşa geçirmek üçin öňden tanyş adamlaryňyzyň goldawy gerek bolup biler. Köne gatnaşyklary dikeltmek üçin häzir iň amatly pursatdyr. Bir wagtlar bile işleşen adamlaryňyzdan kömek sorap bilersiňiz, olar sizi ýeke goýmazlar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň ilkinji ýarymy birneme dartgynly geçer. Şol döwürde ýakymly bolmadyk söhbetdeşliklere duş gelmegiňiz mümkin. Bir wagtlar ýatdan çykarmak islän meseleleriňizi täzeden ara alyp maslahatlaşmaly bolmagyňyz ähtimal. Ýaňy-ýakynda tanyş bolan adamlar siziň işleriňize goşulyp bilerler. Belki, olar muny gowy niýet bilen ederler, ýöne olaryň hereketleri peýdadan has köp kynçylyklary  getirer.Şeýle hem günortana çenli möhüm meseleleri çözmäge girişmezlik has gowy bolar. Sebäbi ünsüňizi jemlemek we möhüm jikme-jikliklere wagtynda üns bermek size kyn düşer. Netijede soňra uzak wagtlap düzetmeli boljak ýalňyşlyklary goýbermegiňiz mümkin.Ýöne wagtyň geçmegi bilen oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlener. Günüň ikinji ýarymy öz maksatlaryna ýetmek üçin tagalla etmäge taýyn Seretanlara köp mümkinçilik açar. Bu döwürde şowlulyk öz-özünden eliňize düşmez. Emma az-kem tagalla etseňiz, maksadyňyza ýetip bilersiňiz.Bu aýratyn-da iş babatda möhümdir. Eger haýsydyr bir çärä gatnaşmagy, çykyş ýa-da tanyşdyryş geçirmegi, möhüm gepleşikleri alyp barmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, taýýarlyga aýratyn üns beriň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün töweregiňizdäkiler diňe bir gowşak taraplaryňyza üns bermek bilen çäklenmän, olary yzygiderli ýüzüňize aýdyp bilerler. Bu ýagdaý günüň ilkinji ýarymynda has aýdyň ýüze çykar. Şonuň üçin jedelleşmezlik we gapma-garşylyga ýol bermezlik üçin özüňize erk etmegiňiz zerur bolar.Emma günortandan soň iş babatda täze mümkinçilikler öňüňizde açylar. Aýratyn çylşyrymly we möhüm meseleleriň çözgüdine üns berseňiz, başarnygyňyzy hemmelere görkezip bilersiňiz. Üstünlikleriňiz täsirli adamlaryň ünsüni çekip, ýakyn wagtda olardan özüne çekiji teklipleri almagyňyza sebäp bolup biler.Hususan-da jemgyýetçilik işleri ýa-da syýasat bilen meşgullanýan, şeýle hem ýolbaşçylyk wezipelerinde işleýän Esetler üçin kär ösüşiniň gyzykly mümkinçilikleri açylar. Bu gün başlangyç görkezmek üçin amatlydyr. Pikirleriňizi arkaýyn paýlaşyň, hatda olaryň entek doly işlenip taýýarlanmandygyny pikir etseňiz hem. Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen düşünişmek günüň ilkinji ýarymyna garanyňda has aňsat bolar. Ähtimal, olaryň biri size hoş habaryny ýetirer. Maşgala baýramçylygyny geçirmek üçin hem sebäp döräp biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Irden kelläňize geljek geň pikirler we ýakymsyz duýgular barada kän alada etmezlige çalşyň. Ähtimal, günortana çenli olaryň ähmiýetsizdigine göz ýetirip olary ýatdan çykarmak mümkin bolar.Umuman gün örän şowly geçmäge wada berýär. Esasan-da amaly meseleleri çözmäge gönükjek Sünbüleler üçin mümkinçilikler köp bolar. Siz hyýala berilmezden ýagdaýlara hakyky göz bilen gararsyňyz. Hut şu sebäpli başgalaryň öň görmedik mümkinçiliklerini görüp bilersiňiz. Täze iş meýilnamalarynyň döremegi mümkin. Kärdeşleriňiz we işewür hyzmatdaşlaryňyz olaryň näderejede gowy pikirlerdigine dessine düşünmezligi mümkin. Şonuň üçin meýilleşdiren işleriňizi özbaşdak başlamaly bolmagyňyz ähtimal. Emma ilkinji ädimleriňiz üstünlikli bolar we şondan soň kimdir biri size kömek etmegi teklip eder.Günüň ikinji ýarymy hoş habarlara aýratyn baý bolar. Olar durmuşyň dürli ugurlary bilen bagly bolup biler. Maşgala meselesi sebäpli alada edýän adamlar onuň çözgüdini taparlar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Oňyn ýagdaýlaryň täsiri örän güýçli bolar we durmuşyň dürli ugurlarynda öňüňizde özüne çekiji mümkinçilikler hem-de täze geljekler açylyp biler. Ýöne mesele şundan ybarat: köp Mizanlar aşa şübheli we ynamsyz hereket edip bilerler. Şol sebäpli olar möhüm ädimi ätmekden saklanar, zerur karary kabul etmez ýa-da başgaça hereket etmegiň zerurdygy aýdyň görünse-de, öňki usullaryny dowam etdirerler.
Bagtly bolmak üçin size öz güýjüňize we hemme zadyň şowly boljakdygyna bolan ynam ýetmezçilik edip biler. Näçe ir oňyn garaýşa geçseňiz, günüňiz şonça-da şowly bolar. Bu, esasan-da soňky döwürde kynçylyklara köp duş gelen, özüne bolan ynamy peselen, özüni aýratyn şowsuz hasaplap başlan Mizanlar üçin möhümdir. Ýaramaz pikirlerden el çekiň, şu güne çenli gazanan üstünlikleriňiz üçin özüňizi höweslendiriň we täze möhüm maksatlar barada pikirleniň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Üstünlik gazanmaga mümkinçiligiňiz bar. Dürli adamlar bilen gowy gatnaşyk gurmak we özüňize meňzemeýän adamlara hem çemeleşmegiň ýoluny tapmak ukybyňyz size örän gerek bolar. Hut şu başarnygyňyzyň kömegi bilen ýaňy-ýakynda örän çylşyrymly bolup görünýän işlerde uly üstünlik gazanmagyňyz mümkin.Käbir Akraplar täze tanyşlaryndan ýerlikli kömek alarlar, beýlekiler bolsa öňki ýaranlary bilen gatnaşyklaryny dikeldip, olar bilen bilelikde uly göwrümli taslamany durmuşa geçirmäge girişerler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün netijeli geçer. Elbetde, hemme zat aýratyn bir kynçylyksyz amala aşar we maksatlaryňyza hiç hili tagalla etmän ýetersiňiz diýip bolmaz. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar size goldaw berer we bu goldaw täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.Iş babatda dürli adamlar bilen aragatnaşyk saklamaly bolýan Kowuslar üçin gün aýratyn amatly bolar. Öň düşünişip bilmedik adamlaryňyz bilen hem çalt umumy dil taparsyňyz. Siziň üçin möhüm bolan birnäçe ylalaşyklara gelmegiňiz mümkin. Pikirleriňizi paýlaşyp, meýilnamalaryňyzy geljekki ýaranlar bilen ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Hatda täsirli adamlaryň hem siziň tarapyňyzda durmagy mümkin. Şonuň üçin köp meseleler has aňsat çözüler.Kär basgançagynda ýokarlanmak isleýän Kowuslar şu gün ýolbaşçylaryň ünsüni özlerine çekmäge çalyşmalydyrlar. Näçe köp iş edýändigiňizi we şu güne çenli nähili üstünlikleri gazanandygyňyzy gürrüň bermek üçin amatly pursat tapyň. Hut şu zat size täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Içki duýgyňyzyň maslahatlaryna örän ünsli boluň. Günüň ilkinji ýarymynda ol aýratyn ýiti bolup, köpleriň çözgüt tapyp bilmedik meselelerine jogap tapmaga kömek eder. Şeýle hem uzak möhletli meýilnamalary düzmek üçin bu amatly döwürdir. Siz öňünden görüp bilmek ukybyňyzy görkezip, ýagdaýy hem-de öz mümkinçilikleriňizi dogry bahalandyryp bilersiňiz. Hyýala berilmersiňiz.Siziň işe bolan çemeleşmäňiz köp adama ýarar. Uzak möhletli hyzmatdaşlyk, iş ýerini çalyşmak ýa-da uly göwrümli taslama gatnaşmak barada teklip almagyňyz mümkin. Emma ylalaşmaga howlukmaň. Ilki bilen has köp maglumat toplaň we ýagdaýdan gowy habarly adamlar bilen maslahatlaşyň. Daşardan berilýän garaýyş size peýdaly bolup biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Irden kimdir biri bilen bäsleşip, ynandyryjy ýeňiş gazanmak islegi güýçli bolar. Ähtimal, munuň üçin mümkinçilik hem tapylar, ýöne tiz wagtdan köp güýç sarp edilendigine garamazdan, netijäniň garaşylyşy ýaly bolmandygyna göz ýetirersiňiz. Şu gün aç-açan garşydaşlyga girmekden diplomatik gepleşikleri geçirmek has netijeli bolar.Günortandan soň has parahat ýagdaýda pikirlenip başlarsyňyz we öz artykmaçlygyňyzy hemmelere subut etmegiň hökmany däldigine düşünersiňiz. Aslynda, töweregiňizdäkiler siziň köp artykmaçlygyňyzyň we güýçli taraplaryňyzyň bardygyny eýýäm bilýärler. Eger kimdir biri muny açyk aýtmaýan bolsa, ähtimal, ol diňe utanjaňlygy ýa-da az-kem göripligi sebäpli şeýle hereket edýändir.Günüň ikinji ýarymy  çynlakaý meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly bolar. Bu meseleler işiňize, şahsy gatnaşyklaryňyza ýa-da häzirlikçe diňe pikir edip ýören işewür taslamalaryňyza degişli bolup biler. Iň esasy zat, şol wagt söhbetdeşiňizi üns bilen diňlemekdir. Sebäbi köp gymmatly maglumatlary almak mümkinçiligiňiz bar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu döwürde Hutlaryň gahary örän güýçli bolup biler we ony çykarmak üçin kiçijik bir sebäp hem ýeterlikdir. Ýöne soňra duýgularyňyza erk bermän hereket edendigiňize ökünmegiňiz mümkin. Şonuň üçin günüň başyny möhüm söhbetdeşliklerden ýa-da meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan başlamazlyk has gowy bolar. Şeýle hem mümkin boldugyça sizi aňsatlyk bilen gaharlanyp bilýän adamlardan uzak duruň.Günortana çenli ýyldyzlar size rahatlygy, sazlaşygy we asudalygy maslahat berýärler. Eger özüňiz üçin şeýle ýagdaýy döredip bilseňiz, günüňiz umuman şowly geçer.Günüň ikinji ýarymynda bolsa  gowy pikirler peýda bolar. Ähtimal, olar iş ýa-da maliýe meseleleri bilen bagly bolar. Emma pikirleriňiz hemmäniň göwnünden dessine turmazlygy mümkin. Şonuň üçin olary durmuşa geçirmäge ilki bilen özbaşdak başlamaly bolmagyňyza taýyn boluň. Ýaranlaryňyz agşama golaý peýda bolar. Şonda hemmelere siziň dogry ugur saýlandygyňyz aýdyň bolar.
Hormatly okyjylarymyz!