BIZNES

Türkmenistan bilen Koreýa optiki-süýümli kabel önümçiligini ýola goýar

Koreýa Respublikasynyň «LS Group» kompaniýasy Merkezi Aziýanyň üç ýurdunda — Türkmenistanda, Täjigistanda we Gazagystanda energiýa hem-de telekommunikasiýa düzümleri we möhüm mineral serişdeler ugry boýunça öz işini giňeldýär.

«LS Cable & System» we «LS MnM» kompaniýalary 17-nji sentýabrda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň we ugurdaş işewürlik sammitiniň çäklerinde 3 ýurduň degişli edaralary bilen işewürlik hyzmatdaşlyk hakynda barada özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekendiklerini habar berdiler.

«LS Cable & System» 15-nji sentýabrda ýerli telekommunikasiýa düzümini ösdürmek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi. İki tarap 2024-nji ýyldan bäri ýerli optiki-süýümli kabel önümçilik desgasynyň döredilmegini we iri göwrümli üpjünçilik meýilnamalaryny maslahatlaşýar. Bu taslama amala aşyrylan ýagdaýynda, ol «LS Marine Solution» kompaniýasynyň kabel geçiriş işewürligi bilen baglanyşdyrylyp bilner.

Bu resminama iki tarapyň arasynda telekommunikasiýa we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda uzak möhletleýin hem-de ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, taraplar Türkmenistanda optiki-süýüm kabel önümçiligini ýola goýmak we degişli tehniki goldawy bermek, şeýle hem telekommunikasiýa magistralynyň we infrastrukturanyň gurluşygy boýunça bilelikde iş alyp bararlar.

Related posts

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär