Amerikanyň “Inter Maýami” topary Meksikanyň “Krus Asul” klubyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, Baş futbol ligasynyň (MLS) we Meksikanyň çempionatynyň ýeňijileriniň arasynda oýnalýan Çempionlar kubogynyň eýesi boldy.
Gollary Lionel Messi (24-nji minut) we Kazemiro (81) geçirdiler.
39 ýaşly Messi “Inter Maýami” üçin geçiren 115-nji oýnunda 100-nji goluny urdy. Argentinalynyň hasabynda karýerasy boýunça jemi 929 gol bar. Topar bilen bilelikde ol bäşinji kubogyny gazandy. Mundan ozal hüjümçi “Inter Maýami” bilen Demirgazyk Amerika ligasynyň kubogyny (2023), MLS-iň yzygiderli çempionatyny (2024), pleý-offda Gündogar konferensiýasyny we MLS çempionatyny (2025) gazanypdy.
Messi iň köp kubogy “Barselona” toparynda gazandy (35). Ispan klubynyň düzüminde ol 10 gezek Ispaniýanyň çempionatynda, 8 gezek ýurduň superkubogynda, 7 gezek Ispaniýa kubogynda, 4 gezek Çempionlar ligasynda, 3 gezek UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Milli ýygyndynyň düzüminde Messi alty kubok gazandy: Dünýä çempionatynda (2022), Amerika kubogynda (2021, 2024), Olimpiada oýunlarynda (2008), Finalissimada (2022) we 20 ýaşdan kiçi oýunçylaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda (2005).
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparynyň düzüminde futbolçy üç kubok gazandy. Klub bilen ol iki gezek milli çempionatda (2022, 2023) we bir gezek ýurduň superkubogynda (2022) ýeňiş gazandy. Kuboklaryğ sany boýunça futbolçylaryň arasynda Messi rekordçydyr. Onuň yzyndan ikinji orunda Messiniň “Barselonadaky” öňki topardaşy, futbol karýerasyny tamamlan Dani Alwes (43) ýerleşýär.
