Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar bagynyň we sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebaplaşdyrylmagy we gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çäginde döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän mekdebiň, gurulmagy teklip edilýän çagalar bagynyň, sport toplumynyň şekil taslamalary, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri, durmuş maksatly binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri bar.
Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalaryny, olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulýan mekdepde okadyljak dersleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtap, mekdepde berilýän bilimiň halkymyzyň milli edep ýörelgeleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
