JEMGYÝET

Mişel Obama barada dokumental film dörediler

«Netflix» şu ýylyň 6-njy maýynda ABŞ-nyň 44-nji Prezidenti Barak Obamanyň aýaly Mişel Obama baradaky täze dokumental film tomaşaçylar üçin elýeterli boljakdygyny habar berýär. “Hollywood Reporter” bu dokumental film “Golaýlap gelýän” diýip atlandyrylandygyny belleýär. Dokumental film Mişel Obamanyň iş we durmuş ýoluny, başdan geçiren wakalary, maşgalasy bilen bagly käbir maglumatlary öz içine alar. Mişel we Barak Obama 2018-nji ýylyň maý aýynda “Netflix” bilen köp ýyllyk şertnama baglaşyp, “High Ground Productions” önümçilik kompaniýasy tarapyndan birnäçe filmleri döretmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Ynha bu dokumental film hem şolaryň biri hökmünde mysal getirip bolar.

Related posts

Prezident saýlawlary: saýlawçylaryň 86,34% ses berdi

Ata Watan Eserleri

Belarusdan Türkmenistana 3-nji gatnaw: türkmen raýatlary geldi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky halkara forum fotosuratlarda

Ata Watan Eserleri