JEMGYÝET

Raşid Meredow bilen Hakan Fidan telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutanlary yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Milli Liderimize Gyrgyzystanda Han atly bedew sowgat berildi

Ýuriý Gagarini Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Ankarada tanyşdyryldy