DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gananyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir beýan edildi.

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk bellenip geçildi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Gananyň arasynda söwda-ykdysady, senagat we oba hojalygy pudaklary boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler.

Related posts

Mumbaý Aziýanyň täze “milliarder paýtagty” bolýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri