BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça geçirilen reýting bahalandyrmasynyň netijeleri belli edildi. Reýting ýokary bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligine baha bermek, ýokary okuw mekdepleriniň, fakultetleriniň, kafedralarynyň we professor-mugallymlarynyň iş tejribesini höweslendirmek hem-de ýurdumyzyň halkara bilim we ylym giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy baradaky düzgünnamasynda kesgitlenen görkezijiler esasynda rating.bilim.tm sanly portalynda awtomatiki usulda hasaplanan netijeler boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, fakultetler, kafedralar hem-de aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlar kesgitlenildi.

Pedagogik işgärleriň sanyna baglylykda, her bir professor-mugallyma düşýän ortaça bal görkezijisi boýunça ýokary netije görkezen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji derejeli diploma Türkmen döwlet maliýe instituty (18,95 bal) mynasyp boldy. Ikinji derejeli diplom Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna (17,40 bal), üçünji derejeli diplom bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna (17,18 bal) berildi.

Şeýle hem fakultetleriň arasynda ýokary netijeleri görkezenleriň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakulteti birinji orny eýeledi (37,39 bal). Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti (25,80 bal), üçünji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakulteti (24,30 bal) mynasyp boldy.

Kafedralaryň arasynda iň ýokary görkezijiler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Takyk we tebigy ylymlar kafedrasynda (60,66 bal) hasaba alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasy (51,36 bal) ikinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasy (48,73 bal) üçünji orny eýeledi.

Related posts

“Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk görülýär

Täsirli geçen aýdym-sazly iňlis dilindäki “açyk” sapagy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty