DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen 11-nji sentýabrda iş duşuşygyny geçirdi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda GDA giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda parahatçylyk söýüjilikli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň iri halkara çäreleriň geçirilýän meýdançasyna öwrülendigi bellenildi. Aýratyn hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek durnukly ösüşe gönükdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.

Söhbetdeşler GDA PA-nyň çäklerindäki duşuşyklaryň parlament diplomatiýasyny ilerletmäge we kanun çykaryjylygynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýändigini tassykladylar. Şeýle hem uly ähmiýete eýe boljak GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň noýabr aýynda geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň soňunda taraplar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdiler.

Related posts

Malaýziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Moldowanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşdy

Türkmenistandaky Täze ýyl baýramy hytaý teleýaýlymynda