SPORT

Hawi Niderlandlaryň tälimçisi, soňky 48 ýylda ilkinji daşary ýurtly hünärmen

Niderlandlaryň milli ýygyndysynda taryhy tälimçi bellenmek wakasy boldy. Toparyň täze baş tälimçisi Hawi boldy. 46 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çenli niýetlenendir. Hawi üçin bu milli ýygyndydaky ilkinji iş tejribesidir.

«Meni belli bir derejede Niderland futbolynyň perzendi diýip atlandyrmak bolar» diýip, Hawi aýtdy. Şeýle hem ol futbola bolan garaýşynyň kemala gelmegine täsir eden adamlaryň atlaryny agzady: Ýohan Kroýff, Rinus Mihels, Lui wan Gal we Frank Raýkard.

XX asyrda Niderlandlar milli ýygyndysyna daşary ýurtly hünärmenleri yzygiderli çagyrýardy. Emma Hawiden öň şeýle bellenen iň soňky tälimçi 1977–1978-nji ýyllarda milli ýygyndy bilen işlän awstriýaly Ernst Happeldi. Onuň işi diýseň üstünlikli boldy: Happel Niderlandlary 1978-nji ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna çykardy. Finalda niderlandlar goşmaça wagtda Argentinadan utulypdy.

Happelden soň 50 ýylyň dowamynda milli ýygyndyny diňe niderlandly hünärmenler türgenleşdirdi. Dürli ýyllarda milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinde Rinus Mihels, Dik Adwokat, Gus Hiddink, Lui wan Gal, Frank Raýkard, Marko wan Basten we Ronald Kuman işledi.

Related posts

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistan Aziýanyň boks konfederasiýasynyň kongresine gatnaşdy

Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy – “Inter”

Ata Watan Eserleri