SPORT

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň üçünji tapgyrynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren ýeke-täk topy oýnuň 12-nji minutynda Maýa Musaskaýa öz adyna ýazdyrdy.

Üçünji tapgyryň beýleki oýnunda Eýranyň ýygyndy topary uly hasap bilen (10:0) gyrgyzystanly garşydaşlaryndan üstün çykdylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy 4-nji tapgyrda Eýranyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Geçirilen oýunlardan soň 6 utuk toplan Eýranyň ýygyndysy birinji orny eýeleýär. 4 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar. Iki oýunda 3 utuk toplan Özbegistanyň ýygyndysy 4-nji, utugy bolmadyk Täjigistanyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde iň soňky orny eýeleýär.

Ýaryşa Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän halkara ýaryşynyň ýeňijisi utuklaryň sany boýunça kesgitleniler.

Related posts

“Barselona” toparynyň täze transferi

Ata Watan Eserleri

Salah hem Saud Arabystana gitmekçimi?

Ata Watan Eserleri

Messi bilen gyzyklanmagy dowam etdirýär