JEMGYÝETSPORT

“Arkadag” topary “Goa” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi

Şu gün Merkezi Aziýanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynyň çäginde ýurdumyzyň “Arkadag”  we Hindistanyň “Goa” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

“Arkadag” futbol toparymyz turuwbaşdan has erjel oýun görkezip, 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Duşuşykgyň ilkinji 45 minutynda hasap açylmady. Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” toparynyň futbolçylary birnäçe amatly pursatlary döretdiler. Ýöne olara duşuşygyň birinji ýarymynda gol geçirmek başartmady.

Ýöne ruhdan düşmedik türkmen futbolçylary duşuşygyň ikinji ýarymynda garşydaş toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 pökgi geçirdiler. Türkmen futbolçylary 15 minudyn dowamynda 3 gol geçirip, ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Duşuşygyň 61-nji minutynda Meýlis Diniýew, 64-nji minutynda Rahman Myratberdiýew hem-de 75-nji minutynda Arzuwguly Sapargulyýew tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Arkadag” topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Utulan topar bolan Hindistanyň “Goa” topary bolsa, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyşyny dowam etdirer. Bu ýaryşda ýurdumyza geçen ýylky milli çempionatyň wise-çempiony «Ahal» hem wekilçilik eder.

Related posts

Oba hojalyk toplumy: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Aşgabatda saparda bolýar