DÜNÝÄ

Gruziýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär

Gruziýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy aýratyn syýasy we ykdysady ähmiýete eýedir. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze hökümet mejlisinde aýtdy.

«Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygymyz aýratyn syýasy, şeýle hem ykdysady ähmiýete eýedir. Gruziýa ýedi ýurdy Gara deňiz we şonuň bilen birlikde Günbatar giňişligi bilen baglanyşdyrýar. Şundan ugur alyp, Gruziýanyň baglanyşdyryjy wezipesini ösdürmekde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekde hökümet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary eder» diýip, Kobahidze aýtdy.

Gruziýanyň hökümet başlygy 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar barada hem durup geçdi. Hususan-da, Kobahidzäniň bellemegine görä, iýun aýynda ol Gazagystana resmi sapar edip, saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Tbilisä saparynyň dowamynda Özbegistan bilen hem strategik derejedäki gatnaşyklar ýola goýuldy.

Iýun aýynda Kobahidze Gyrgyzystana we Täjigistana hem resmi sapar edip, ol ýerlerde birnäçe ylalaşyga gol çekdi.

Mundan başga-da, iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa geldi. Tbilisi bilen Aşgabat hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ylalaşyklar toplumyna gol çekdiler.

Related posts

Ýaponiýa Owganystana 100 million dolarlyk ynsanperwer kömegini berýär

Polşada köp çagalylara pul berler

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri