DÜNÝÄ

Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa üçin bitewi syýahatçylyk wizasyny ornaşdyrmagy teklip etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlary üçin bitewi syýahatçylyk wizasyny girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Ol bu teklibi Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda öňe sürdi.

«Biziň gatnaşyklarymyzyň berk binýady medeni ýakynlyk, umumy taryh we halklarymyzyň däp bolan arabaglanyşyklary bolup durýar. Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjan dünýä gadymy şäherleriň täsin mirasyny, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärliklerini, dag we köl tebigatyny, milli däp-dessurlary hem-de medeni köpdürlüligi hödürläp biler. Gyrgyzystan Merkezi Aziýa döwletlerine syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlary üçin bitewi syýahatçylyk wizasyny girizmek başlangyjyny öňe sürdi», — diýip, Žaparow aýtdy.

Ol bu başlangyjy goldandyklary üçin Özbegistanyň we Gazagystanyň liderlerine minnetdarlyk bildirdi.

«Hyzmatdaşlarymyň bu başlangyjy mundan beýläk hem goldajakdygyna umyt edýärin. Döwletlerimiziň daşary syýasat edaralaryna ylalaşylan garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen geňeşmeleri işjeňleşdirmegi tabşyrmagy teklip edýärin», — diýip, Žaparow belledi.

Related posts

170 ýyllyk hokkeý taýagy satuwda

Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberiler

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy